Türkmenistanda şahly iri mallaryň kesele ýolugyp ölmegi bilen bagly ýagdaýlar dowam edýär. Malyň gyrylmagy köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, ýurduň dürli böleklerinde ýüze çykýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Daşoguz we Balkan welaýatynda dörän ýagdaý barada habar berýärler.
Hususy hojalyklarda we döwlet eýeçiligindäki hojalyklarda sygyrlar wirusdan haram ölýär diýip, daşoguzly çeşmeler 12-nji awgustda habar berdi.
"Mallaryň derisinde şänik şekildäki çişler döreýär. Syryglar 10 günläp hiç zat iýmän haram ölýär" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Daşoguzda bu ýagdaý birnäçe aý bäri saklanýar, emma soňky döwürde köpelip, muňa sebäp bolýan ýokanç kesele garşy çäre we derman tapylmaýar diýip, ýerli çeşmeler bu mal hassalygynyň adamlary gorkuzýandygyny aýdýar.
"Bu günler sygyrlaryň eti tiz çüýräp ýetişýär we etini iýip bolmaýan derejä ýetýär", diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.
Ýene bir etrap ýaşaýjysy şeýle gürrüň berýär: "Obadaşymyň gapysynda bakýan 4 sygyryndan ýekejesi hem aman galmandyr, ählisi haram öldi. Etrap weterinariýa gullugy we häkimlik tarapyndan, hatda döwlet tarapyndan bu kesele göreşilmeýär".
Hususan-da, Akdepe etrabynda mallaryň haram ölmegi oba ilatyna agyr ykdysady zarba bolupdyr, mallaryň tas ýarysy gyrylypdyr.
"Bu döwlet ykdysadyýetine täsir ýetirip biljek zyýanly az epidemiýa meňzeýär. Mallary haram öldürýän ýokançly kesele içgin garamaly, bolmanda welaýatyň umuman iri mallarynyň ýarysy soňky iki aýda öldi" diýip, oba hojalyk işgäri aýdýar.
Şeýle-de, çeşmeler Daşoguz welaýatynda öndürilýän etiň tutuş ýurduň et üpjünçiligine uly goşant goşýandygyna ünsi çekýärler, emma soňky aýda Daşoguzdan sygyrlaryň köp satyn alynmaýandygyny belleýärler.
Ýerli weterinariýa işgärleri esasan sygyrlaryň ölmegine getirýän bu keseliň nämedigini bilmeýändigini aýdýarlar. Häkimiýetler bu problemany agzamaýarlar we düşündiriş bermeýärler, şol bir wagtda-da, ilata ölen malyň etini satmazlyk barda duýduryş edýärler.
"Häkimlik näbelli kesel sebäpli haram ölen mallaryň etini satanlara uly jerime salynjagyny, hatda jenaýat işiniň açyljagyny duýdurýar. Ýöne bu meselä çözgüt tapyp bermeýär" diýip, daşoguzly maldar aýdýar.
Azatlyk Radiosy Daşoguz welaýatynyň häkimlik resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Daşoguzyň bazarlarynda şu günler sygyr etiniň bir kilogramy ortaça 115 manatdan satylýar. Ýerli gözegçilik edaralary mallary diri wagtynda barlagdan geçirip, soň soýmaga rugsat berýän hem bolsalar, köpçülik sygyr etini satyn almakdan gorkýar diýip, çeşmeler aýdýar.
"Adamlar gorkup diňe towuk etini satyn alýarlar. Gaty gorkuly. Her gün adamlaryň öz öýlerinde zäherlenip, başlandygyny eşidýäris" diýip, çeşme aýdýar.
"Et almak örän howply. Sanstansiýa barlagy para bilen edilýär. Şonuň üçin adamlar bazardaky etiň hiline ynanmagy goýdular. Gaty gorkuly" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.
4-nji awgustda Daşoguzda toýa gatnaşan adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmegi bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Görogly etrabynda bolan bu pajygaly ýagdaýda birnäçe ýüz adamyň zäherlenmegini ýerli häkimiýetler etden görýärler diýip, Azatlygyň çeşmeleri 12-nji awgustda habar berdiler. Muny resmi taýdan tassyklap bolmady.
Balkan welaýatynda hem sygyrlarda hassalyk hasaba alnypdyr.
"Gyzylarbatda şu günler sygyrlardaky hassalyk hasaba alnyp başlandy, ýöne köp däl. Häzirden weterinariýa gullugy wagtynda göreşip, maldarlar hem öz sygyrlaryny karantin ýagdaýda saklap bilse uly ýitgilerden aman galarlar. Emma kesel sygyrlara grip degen ýaly tiz ýaýraýar" diýip, balkanly çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Balkanly maldarlar hassalygyň nämedigini anyk bilmeýärler, emma ony ýokanç dalak keseline çalymdaş görýärler.
Bakan welaýaty hem maldarçylyk sebiti hasaplanýar.
Şu tomsuň başyndan bäri ýurduň dürli böleklerinde mal hassalygy ýüze çykdy. Bu barada garaşsyz habar beriş çeşmeleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň beren birnäçe maglumatyna türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç hili reaksiýa bolmady.
Şol bir wagtda raýatlar mallarynyň haram ölmeginden howatyrlanyp, diri mallaryny ýa-da olary soýup etini satýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum