Ukrainanyň Baş aňtaw gullugynyň (GUR) pilotsyz uçarlary Orenburgda raketalar üçin geliý öndürýän zawoda hüjüm etdi diýip, “RBK-Ukraina” öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Hüjüm birinji gün agşamy boldy. Ýerli ýaşaýjylar zawodyň sebitinde birnäçe partlamanyň bolandygyny habar berdiler. “RBK-Ukrainanyň” habaryna görä, sebit häkimiýetleri sagat 8: 00-da Perewolotskoýe we Holodnyýe Klyuçi şäherçeleriniň çägindäki M-5 "Ural" federal ýolunyň bir bölegini ýapdy.
Orenburg geliý zawody Russiýada raketa öndürmekde we awiasiýa senagatynda ulanylýan geliý önümini öndürýän ýeke-täk we iň uly kärhana bolup durýar.
Sebit häkimiýetleri zawoda edilen hüjüm baradaky maglumatlary entek tassyklamady.
Stawropolda, 12-nji awgusta geçilýän gije, bir pilotsyz uçar Monokristal zawodyna hüjüm etdi. Bu optoelektron senagaty üçin sapfir öndürýän kärhanalaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ikinji güne geçilýän gije Russiýanyň iki sebitinde 25 ukrain pilotsyz uçarynyň urlandygyny, olaryň köpüsiniň Rostow sebitinde, üç sanysynyň bolsa Stawropol sebitinde ýere gaçyrylandygyny aýtdy.